Türkmenbaşy - Gyzylsuw gämili deňiz gatnawyna biletleriň bahasy arzanladyldy
Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. Bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar.
"Çarlak" gämisinde degişli ugra bir tarapa biletiň bahasy 20 manatdan 15 manada çenli arzanladyldy. Bu gämide ýapyk we açyk oturylýan ýerlerde barmaly ýerlerine baryp bilerler. Gämi günde Gyzylsuwa 11:00-da ýola düşüp, yzyna 13:30-da gaýdýar.
"Rowaç" gämisinde degişli ugra bir tarapa biletiň bahasy 25 manatdan 20 manada çenli arzanladyldy. VIP orunlara biletleriň bahasy hem 38 manatdan 30 manada çenli peseldildi. Gämi Türkmenbaşydan Gyzylsuwa her sagat 12:00-da ýola düşüp, yzyna 14:30-da gaýdýar. Bu ugra biletleri Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziline baryp, ýa-da Deňiz söwda flotunyň resmi web-saýty (www.mmf.com.tm) onlaýn satyn alyp bolýar.
Gyzylsuw adasy Türkmenistanyň täsin künjekleriniň biridir. Bu ýeriniň baý taryhy we halk arasynda aýdylýan täsin rowaýatlary, özboluşly ýaşaýyş, tebigy we ykdysady aýratynlyklary bu ýere syýahatçylaryň köp sanlysyyny özüne çekýär. Adanyň adynyň gelip çykyşy hem taryhyň çuňlugyndan gaýdýar. Bu ýeriniň kenar ýakasynda ösýän ösümlikleriň täsirinden bu ýeriniň suwy gyzylymtyl öwsüpdir. Irki döwürlerde adadaky guýulardan ýaşaýyş üçin möhüm bolan süýji suwy alypdyrlar.
Mundan başga-da, degişli ugra gämili gezelenç etmegiň özi-de adama uly ruhy lezzet berýär. Ajaýyp deňiz howasy, täsin ada, Hazaryň kenarynda döredilen täsinlikler wagtyňy hoş geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.