Bilim ministirliginde TÜRKSOÝ-yň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Taraplar duşuşykda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilen we geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Baş sekretar 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek çäreleriň jemleýji tapgyrlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işjeň gatnaşmagyny teklip etdi.
Bilim ministri TÜRKSOÝ-ň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň oňa goşandyny goşjakdygyny aýtdy.