Okuwçylar üçin bäsleşik: “Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin men näme edip bilerin?”

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde “Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin men näme edip bilerin?” atly bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik Türkmenistandaky mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy aýawly saklamak we ozon gatlagyny şeýle-de howany goramak boýunça sowatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça Halkara güni 16-njy sentýabrda bellenilýär. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1994-nji ýylda ýörite Kararnama esasynda yglan edildi. Halkara gününiň bu senesi, ozon gatlagyny ýok edýän maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna gol çekilmegi bilen bagly saýlandy.

Bäsleşige ozon gatlagyny gorap saklamak hem-de howanyň antropogen täsiri bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň umumy we goşmaça bilim berýän edaralarynyň 7-18 ýaşly (1-12 synplar) okuwçylary gatnaşyp biler.

Ýaryşa hödürlenen işler 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli kabul ediler. Bäsleşigiň talaplaryna laýyklykda tamamlanan işler, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň iş salgysyna (Azady köçesi, 61, ikinji gat. Telefon: +993(64) 268432, 94-03-26.) tabşyrylmaly.

Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda jemlener, ýeňijler baýraklar bilen sylaglanar.