Sankt-Peterburgda «Nesiller Magtymgulyny ýatlar» atly sergi açyldy
Sankt-Peterburg şäherindäki Russiýanyň milli kitaphanasynyň täze binasynda «Nesiller Magtymgulyny ýatlar» atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Milli edebiýat bölümi tarapyndan taýýarlanan sergi beýik şahyr, filosof we nusgawy türkmen edebiýatynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Kitaphananyň web sahypasynda habar berlişine görä, çäre 30-njy sentýabra çenli dowam eder.
Sergide şahyryň ýygyndylary, köne golýazmalar, gymmatly eserlerdir bibliografik görkezijiler ýerleşdirilipdir. Olaryň arasynda Almaz Ýazberdiýewiň, Ahmetzaki Walidi Toganyň, Annagurban Aşyrowyň eserleri bar.
Bu ýere gelýänler şahyryň goşgularynyň türkmen dilindäki ýygyndylary, gündogarşynas Nikolaý Ostrumowyň 1907-nji ýylda Daşkende neşir edilen we 1912-nji ýylda Astrahanyň hususy neşirýatynda çykarylan nusgawy goşgularyň ilkinji ýygyndylary bilen has içgin gyzyklanyp bilerler.
Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleri bütin dünýäde giňden tanalýar we hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýär. Sebäbi onuň goşgularynda ähliumumy gymmatlyklar, Watana bolan söýgi, ahlak, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dostluga we doganlyga çagyryş bar. Şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dürli ýurtlarda onuň ýadygärlikleri guruldy.