«Daewoo E&C» Türkmenistan bazarynda täze mümkinçilikleri gözleýär
Türkmenistan wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Seulda «Daewoo E&C»-niň baş direktory Bek Jun-Wan bilen duşuşdy.
Koreýanyň habar agentlikleriniň habaryna görä, wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow we Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi Begenç Durdyýew bar.
Duşuşykda Bek Jun-Wan dökün öndürmek üçin Türkmenistanda iki taslamany almaga gyzyklanma bildirdi. Kompaniýanyň täze şäherleridir beýik binalary gurmakdaky üstünlikli tejribesi barada durup geçdi we «Daewoo E&C» kompaniýasynyň Türkmenistanda ýokary hilli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.
D.Orazow hem öz gezeginde «Daewoo E&C»-iň tekliplerine oňyn baha berdi we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmäge taýýardygyny mälim etdi. «Daewoo E&C» bilen Türkmenistanyň arasyndaky häzirki we geljekdäki taslamalary barada aýdyp, «iki tarapyň hem ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde maslahatlary dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýdi.
«Daewoo E&C»-niň wekili infrastruktura we şäher ösüşine ep-esli maýa goýumlary bolan Türkmenistanyň strategiki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem «Daewoo E&C»-iň işewürlik we gurluşyk tehnologiýalarynyň ýokary bäsdeşlik ukybyna esaslanyp, Türkmenistan bazarynda öňdebaryjy orny eýelemek üçin elimizden gelenini ederis» diýdi.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda kompaniýanyň Aşgabat şäherinde şahamçasyny açandygyny ýatladýarys.