Ulag-logistika kompaniýalary türki döwletleriň halkara forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalary, degişli döwlet edaralary we gulluklary 13-14-nji sentýabrda Stambul şäherinde geçiriljek multimodal daşamalar we logistika boýunça halkara foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariaty tarapyndan guralýar.

 

Forumyň maksady netijeli gepleşikler, tejribeleriň we maglumatlaryň alşylmagy, yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri we multomodal ýük daşamalary boýunça bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahataşmak üçin meýdançany döretmekden ybaratdyr.

 

Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň üstünden Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda wajyp ulag-üstaşyr ýollarynyň geçýändigi bellärliklidir. Şolaryň hatarynda TRASEKA, Orta geçelge, Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi we beýlekileri görkezmek bolar. Türkmenistan bu gurama synçy döwlet hökmünde gatnaşýar.

 

Gyzyklanma bildirýän taraplar şu salgy  boýunça ýüztutmalaryny 5-nji sentýabra çenli tabşyryp, gatnaşyp bilerler.