Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen türkmen-malaýziýa DIM-ara geňeşmelerinde iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Malaýziýa bolsa ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Dato Ahmad Rozian bin Abd Gani ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orna eýe bolan iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ýokary derejeli aragatnaşyklaryň we yzygiderli geňeşmeleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we onuň gerimini giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki işewürlik forumlaryny, tematiki sergileri we işewürlik saparlaryny yzygiderli guramagyň mümkinçilikleri, şeýle hem, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Şol sanda, bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň uly geljegi aýratyn bellenildi.