Aşgabatda Malaýziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi
9-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, YHG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklara we syýasy-diplomatik ugur boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga hem garaldy.
Söhbetdeşler sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtadylar. Şeýle-de ministrler söwda-ykdysady, ylym, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.