200 awtoulag pagta ýygym möwsümine taýýarlanyldy

Maryawtoulag” önümçilik birleşiginde ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulag pagta ýygym möwsüminde hasyly daşamak işinde ulanmak üçin taýýar edildi. 

zirki wagtda şol awtoulaglara erk etjek sürüjiler we pagta ýygymyna gatnaşjak beýleki hünärmenler bilen ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk okuw sapaklary geçirilýär. Kärhanada halk hojalyk ýüklerini daşamakda, ýolagçy gatnatmakda iş meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirilýär.

Önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda meýilnama boýunça 1 million 283 müň tonna ýük daşalmaly bolsa, iş ýüzünde 1 million 385 müň tonna daşalyp, tabşyryk 108 göterim berjaý edildi. Ýükleriň dolanyşygy boýunça tabşyryk meýilnamadan has artyk – 29 million 441 müň tonna kilometrlik ýerine ýetirildi.

Degişli döwürde önümçilik birleşigi boýunça 12 million 563 müň ýolagçy gatnatmak meýilleşdirilen bolsa, bu görkeziji 12 million 814 müň ýolagça ýetirilip, meýilnama 102 göterim berjaý edildi.

Degişli döwürde hyzmatlardan alnan girdeji 32 million 802 müň manada barabar boldy.