Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreş bilen bagly brifing geçirildi
Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-niň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guran brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem çykyş edip, häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini ýeňip geçmekde, şol sanda CARICC-niň taslamalarynyň çäklerinde, Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ilerletmäge ýardam bermegi dowam etjekdigini belledi.
Brifingiň açylyş dabarasynda CARICC-niň direktory A.Ýazlyýew we BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky müdirliginiň Sebit wekili O.Stolpe hem çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar CARICC-niň sebit we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky çykyşlary diňlediler, şeýle hem neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.