Arkadag şäheri boýunça elektrobuslaryň gatnaw ugurlary mälim edildi
“Türkmenawtoulaglary” agentligi Arkadag şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik ulaglaryň – elektrobuslaryň gatnaw ugurlaryny mälim etdi. “Yutong” kysymly bu elektrobuslar Türkmenistanda jemgyýetçilik ulagy hökmünde ilkinji gezek ulanylýar.
Häzirki wagtda täze şäherde elektrobuslar 3 ugur boýunça hereket edýärler. Bu elektrobuslar sowadyjy ulgamy, her oturgyjyň gapdalynda elektron enjamlara zarýad bermek üçin “USB” porty bar. Elektrobuslaryň 3 sany “akylly” gapysy bolup, olar ýolagçylaryň sanyny umumy we her gapysy boýunça aýratynlykda hasaba alýar.
Şeýlelikde, elektrobuslar täze şäherde şu ugurlar boýunça hereket edýär:
«1» belgili elektrobus gidişin Gorjaw şaýoly — Nurberdi han — Aman Kekilow köçeleri — Kärizek şaýoly — Nury Halmämmedow — Çary Baýryýew köçeleri — Kärizek — Aba Annaýew — Akhan şaýollaryndan gidip, gaýdyşyn Akhan — Aba Annaýew şaýollary — Gowşut han — Nurberdi han köçeleri — Gorjaw şaýolundan;
«2» belgili elektrobus gidişin Akhan — Aba Annaýew — Arkadag — Mälikguly Berdimuhamedow — Arkadag şaýollary — Aman Kekilow — Magtymguly Pyragy köçelerinden gidip, gaýdyşyn Magtymguly Pyragy — Aman Gulmämmedow köçeleri — Keýmir kör şaýoly — Atda Rahmanow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew — Akhan şaýollaryndan gaýdýar.
«3» belgili elektrobus gidişin Akhan — Aba Annaýew — Arkadag şaýollary — Kerim Gurbannepesow köçesi — Keýmir kör şaýoly — Çary Baýryýew — Magtymguly Pyragy — Sabyr Ataýewa köçeleri — Keýmir kör şaýoly — Aman Kekilow köçesi — Arkadag şaýolundan gidip, gaýdyşyn Arkadag — Mälikguly Berdimuhamedow — Arkadag şaýollary — Kerim Gurbannepesow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew — Akhan şaýollary boýunça hereket edýär.