«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumy ornaşdyrylar
13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanda uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmaga hem-de anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ýerasty baýlyklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmegi hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.