Ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler
«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan:
- 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini;
- 1-nji noýabrda Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny;
- 6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi»;
- 13-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary;
- 15-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny, 29-njy noýabrda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty;
- 18 — 20-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde filosofiýa, 21 — 23-nji noýabrda ykdysadyýet dersleri boýunça halkara internet olimpiadalaryny;
- 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny;
- 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Sanly ulgam arkaly 13-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa bu halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bu halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, beýleki onlarça döwletiň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara derejeli intellektual ýaryşlarda ýeňiji bolan zehinli talyplary medallar, dürli derejeli diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany halkara ylmy maslahatlaryň, sergileriň, olimpiadalaryň ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.