Türkmenistan raýat awiasiýasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýar

Sanly ulgam arkaly 13-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagynyň barha ösdürilýändigini, täze uçarlaryň yzygiderli satyn alynýandygyny, howa menzillerinde döwrebap şertleriň döredilýändigini, munuň bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi.

Döwlet Baştutany raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak boýunça okuwlary geçirmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.