Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylyp ulanmaga berler
Aşgabat şäheriniň "Parahat-7" ýaşaýyş toplumynda her biri 54 öýli 4 sany 9 gatly hem-de her biri 36 öýli 9 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 13-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna, şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurduň paýtagtynda alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň baş baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, olaryň ýanaşyk ýerlerini, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, şeýle hem bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine bolsa aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurduň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine-de hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanda, şol sanda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde berkarar türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden geçirmegiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabatda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etmegi tabşyrdy.