Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler barada pikir alyşyldy.
Türkmenistan hazarýaka döwletleri bilen deňlik, hormat goýmak we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Türkmenistan 2018-nji ýylda Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýar. Bu resminama Hazar deňzini, onuň serişdelerini ulanmagyň, ekologiýa we beýleki hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýär.