Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşamalaryny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabat şäherinde halkara awtomobil ýük daşamalary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň gruzin tarapyndan dostlukly döwletiň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gruziýa ulag we logistika pudagynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan ýük daşamalarynyň agramly bölegini üstaşyr geçirilýän ýükler düzýär.