Türkmenistanyň Prezidenti nemes işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýetiň birnäçe möhüm pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TDH ýazýar.

Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde birnäçe ileri tutulýan ugurlar görkezildi. Bular, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, innowasiýa we tehnologiýa ugurlarydyr.

Duşuşyk iki tarapyň hem ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky gyzyklanamlarynyň uludygyny görkezdi.