Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller 23-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gül goýmak çäresine gatnaşyjylar ir bilen Magtymguly Pyragynyň belentden seleňläp görünýän ýadygärliginiň öňünde ýygnandylar. Gysga wagtyň içinde ýadygärligiň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp gül desseleri bilen örtüldi. Bu güller türkmen halkynyň belent watansöýüjilik duýgusynyň, Garaşsyz Türkmenistana buýsanjynyň nyşanydyr.

Beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp edebi mirasy ýadygärlik galdyrdy. Häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik filosofyň eserleri onlarça dile terjime edilip, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň gymmatlygyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda türkmeniň beýik şahyrynyň hormatyna dürli mazmunly dabaralardyr çäreler geçirilýär diýlip, çeşmede bellenilýär.