Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt bäsleşigi geçirildi
22-23-nji sentýabr günlerinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt bäsleşigi guraldy.
Bäsleşik «Gökyay» Gaznasynyň küşt muzeýiniň binasynda geçirildi. Oňa Türkiýedäki daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri hem-de olaryň maşgala agzalary, şeýle-de höwesjeň küştçüler we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, türkmen halkynyň medeniýetini we milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy.