“Emirates” awiakompaniýasy köp dil bilýän robotlary işe girizýär
“Emirates” awiakompaniýasy Dubaý şäheriniň howa menzilinde ýolagçylary hasaba almak işini çaltlandyrmak üçin 200 sany “köp dil bilýän” robotlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bällnişi ýaly, Dubaýyň Halkara howa menzili dünýäniň iň köp gelim-gidimli aeroportlarynyň biridir.
Köp dil bilýän – poliglot robotlaryň ilkinjileri ýerli howa gatnawlaryna ýolagçylary hasaba alyş ýerinde ýakyn 2 aýyň içinde ulanylyp başlanar. Synag döwri üstünlikli tamamlanandan soň, poliglot robotlary ornaşdyrmak taslamasy 2 ýylyň dowamynda ýerine ýetiriler.
Bellenişi ýaly, “Emirates” hasaba alyş Işinde robotlary ulanýan we ulanjak dünýäde ilkinji awiakompaniýa bolar. Robot hasaba almak üçin ähli işi, şol sanda hasaba alyş belgisine ýa-da elektron poçta salgysyna ugratmak arkaly gonuş talony berip, pasporty skanirlemek arkaly ýüzüňizi tanap biler.
Robotlar üstaşyr uçmak işinde has-da bähbitli bolar. Taslamanyň awtorlary geljekde robot işini has-da kämilleşdirmegi maksat edinýärler. Geljekde, robotlar migrasiýa gullugy bilen “habarlaşyp” ýolagçynyň gerekli resminamalarynyň, wizasyyň ýa-da ýurda girmäge rugsatnamasynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap biler.