Akademik Iwan Kuzmin «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp boldy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Iwanowiç Kuzmine Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Iwanowiç Kuzmine Türkmenistanyň bu iň ýokary sylagy şu gün geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda gowşuryldy. Akademik I.Kuzmin bu belent sylaga Türkmenistanyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurduň oba hojalygyny ulgamlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly bugdaýyň täze görnüşlerini döretmäge, ýetişdirmäge, synagdan geçirmäge we bol hasyl alynmagyny üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem ýokary hünär ussatlygy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen mynasyp boldy.
Ýeri gelende bellesek, I.Kuzmin Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen hem sylaglanypdy.