TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýasy we ýeňil senagat önümlerine isleg bildirildi

24-nji sentýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit himiýasy we ýeňil senagat pudaklarynyň önümleri satyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri bilen “TC-1” awiasiýa nebitini satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewürlik toparynyň wekillerinden olar nah ýüplükleri satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde jemi bahasy 222 250 amerikan dollary bolan iki geleşik amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.