«Halkbank» PTB-niň işgäri bank hyzmatlaryny sanlylaşdyrmaga goşan goşandy üçin döwlet sylagyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 33 ýyllygyny bellemegiň öňüsyrasynda, bank pudagynyň işgärleri uzak ýyllyk zähmeti we ýurduň ösüşine goşan uly goşandy üçin ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Sylaglanan işgärleriň arasynda Türkmenistanyň "Halkbank" paýdarlar täjirçilik bankynyň Awtomatizasiýa we programma üpjünçiligi müdirliginiň Serwerlere we torlara hyzmat ediş bölüminiň başlygy Nepesow Döwlet Jumadurdyýewiç bar.

Öňdebaryjy sanly çözgütleri işjeň ornaşdyrýan "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky ýakynda özüniň täze "Sanly Karz" hyzmaty bilen tanyşdyrdy. Nepesow Döwlet bu hyzmaty işläp düzmekde işjeň gatnaşan işgärleriň biri, ýerine ýetiren işleri üçin bank işgäri döwlet derejesinde ýokary bahalandyryldy.

"Sanly Karz" ulgamy Türkmenistanyň raýatlaryna internet arkaly uzakdan karz almak mümkinçiligini berýär, karz resmileşdirmek işini ýeňilleşdirýär we bank hyzmatlaryny ilat üçin has elýeterli edýär.
Bank pudagynyň işgärleriniň sylaglanmagy olaryň Türkmenistanyň ykdysady ösüşindäki möhüm ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär.