«Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti Gazagystana üstaşyr ýükleri geçirdi
Ulag logistikasy ykdysadyýetiň, söwdanyň we bäsdeşligiň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alyp, ulag-logistika pudagynyň ösüşinde hususy kompaniýalar hem aýratyn orny eýeleýär.
3-nji sentýabrda ýeňil awtomobiller ýüklenen 20 konteýner Türkmenistanyň çäginden geçip, Gazagystana tarap ýola düşdi. Bu konteýner ýükleri eltip bermek hyzmaty ýurdumyzyň «Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Jebel Ali portundan ýola düşen konteýner ýüki Sarahsdaky «Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýetine degişli bolan halkara ammarlar toplumyna getirildi. Ol ýerden ýükler demir ýol arkaly Gazagystanyň Almaty şäherine tarap ýola düşdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda döredilip, gysga wagtyň içinde özüni iri ulag-ekspeditor kompaniýalaryň biri hökmünde tanatmagy başardy.
«Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti demir ýollary arkaly ýokary hilli ulag-ekspeditorçylyk we logistika hyzmatlary hödürlemäge ýöriteleşendir. Kärhana şeýle hem, wagonlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär.
Kompaniýa ýükleriň möçberine garamazdan, amatly bahada ýokary hilli daşamak hyzmatyny hödürleýär. Kompaniýanyň ýokary bilimli hünärmenleri logistika babatda iň gowy çözgütleri tapmaga ýardam edýär.
Häzirki güne çenli, hususy kärhana tarapyndan eksporta 100 müň tonnadan gowrak kükürt we beýleki ýükler iberildi. Kompaniýa tarapyndan ýurdumyza 200 müň tonnadan gowrak sement getirildi. Şeýle hem, kömür, oba hojalyk önümleri, şol sanda däne daşaldy. Hojalyk jemgyýeti sagatda 170 tonna dänäni, 200 tonna kömri we senagat önümlerini, şeýle hem 20-den gowrak konteýneri düşürip, ýüklemäge ukyplydyr.
«Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti geljekde Balkan welaýatynyň çägindäki demir ýol menzilinde 22 gektar ýerde ýükleýiş we düşüriş ammarlar toplumyny gurmagy meýilleşdirýär.