Yragy hem-de Eýrany täze demirýol şahasy birleşdirer
Yragyň Basra welaýatynyň Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinde Yrak bilen Eýranyň arasyndaky geljekki demirýoluň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara Yragyň premýer-ministri Muhammed as-Sudani hem-de Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber gatnaşdylar.
2019-njy ýylda Bagdad hem-de Tähran Basra we Şalamçe şäherleriniň arasynda eýran-yrak serhedinde demirýoluň gurluşygyny göz öünde tutýan ylalaşyga gol çekdiler. Şol şertnamanyň esasyndaky bu taslama, iki ýyl üçinde amala aşyrylar. Täze demirýol Yragyň logistika infrastrukturasyny pugtalandyrar hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňelder.
Yragyň premýer-ministri dabaradaky çykyşynda Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinden demirýol gatnawynyň Yragyň En-Najaf we Kerbela welaýatlaryndaky mukaddes ýerlere barýan Eýranyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zyýaratçylaryny daşamakda ugurlaryň biri boljakdygyny belledi.
Mohammad Mohber öz gezeginde, demirýoluň gurluşygy tamamlanandan soňra, Eýran bilen Yragyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ep-esli artjakdygyna ynam bildirdi.