Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynda wezipelere çemeleşmeler seljerildi
Sişenbe güni, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň umumy mejlisinde geçen hepde Awazada “Aşgabat prosesi” boýunça beýan edilen çözgütler bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toplumyň we onuň bölümleriniň, logistika kompaniýalaryň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hem-de Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de beýleki çäreleriň resminamalaryna garadylar.
Ulag we kommunikasiýalar agentligine ýolbaşçylyk edýän wise-premýer Mämmethan Çakyýew çykyşynda halkara ulag geçelgeleriniň giňeldilmeginde möhüm başlangyç ýörelgeleri we esasy ugurlary kesgitledi.
Bu toplumyň düýpli wezipeleriniň biri döwrebaplaşdyrmagyň aýry-aýry pikirlerini, taslamalary we olaryň düzüm böleklerini öz aralarynda multimodal daşamalaryň we üstaşyr geçirmeleriň sazlaşykly hem-de netijeli ulgamyna baglanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu ulgama üznüksiz serhetüsti amallaryň täzeden dikeldilmegi-de, kagyz resminamalaryň sanly görnüşe çalşyrylmagy-da, resmileşdiriş işleriniň ýönekeýleşdirilmegi-de we ş.m. beýlekiler girýär.
Bu meseleleri özüne degişli ugurda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgylyýew beýan etdi.
Bu baradaky meseläni, ýöne öz garamagyndaky düzümlerine degişli çykyşlarynda: demirýol edarasynyň ýolbaşçysy Azat Atamyradow, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” APJ-niň baş direktory Baýmyrat Ataýew, “Türkmenawtoulaglary” edarasynyň ýolbaşçysy Guwançmyrat Akmämmedow, “Türkmen Logistika” assosasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ruslan Seýidow, “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburow, Halkara awtomobil daşaýjylaryň türkmen assosasiýasynyň başlygy Bekmyrat Eýeberdiýew, Deňiz we derýa ýollary agentliginiň direktory Annadurdy Kösäýew we beýlekiler dowam etdiler.
Çykyş edenler Türkmenistanyň ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň aýratynlygynyň we oňa bolan çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, onuň geografiýa taýdan amatly ýerleşendigi bilen şertlendirilendigini bellediler. Ýurt dünýäniň ykdysady gatnaşyklary ulgamyna, sebitleýin we yklym derejesindäki ulag geçelgelerine işjeň goşulyşýar, Ýewropanyň, Günorta Aziýanyň, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gatnawlarda eksport-import hem-de üstaşyr daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrjak infrastrukturasyny ösdürýär.
Bellenen maksatnamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün eder, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlarda daşary ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer, eksport önümleriniň dünýäniň iri bazarlaryna çykarylmagy üçin şertleri döreder.
Dünýäniň işewür-jemgyýetçiligi hem-de maliýe düzümleri, şeýle hem Diýarymyzyň işewürleri ulag ulgamyna uzak möhletleýin maýa goýulmagy babatda barha çynlakaý garaýarlar.
Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy daşary söwda gatnawlar we üstaşyr geçirmeler bilen birlikde, içerki we sebitleýin bazarda ulag hyzmatlaryna-da islegleri artdyrdy. Şoňa görä-de, bu ulgamda islegiň barha ýokarlanýan depginler bilen ösjekdigini çaklamaga hemme esaslar bar.
Mejlise “Kazahstan temir žoly” ulag-logistika holdinginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Çingiz Kakenow gatnaşdy.
Gazagystanyň magistral demirýollary gatnawynyň iri operatorynyň wekili Awazada geçirilen ulag forumy hem-de täze mümkinçilikler barada pikirlerini paýlaşdy.