Türkmen wekiliýetiniň Nýu-Ýorka sapary başlandy

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin, Nýu-Ýorka sapary başlandy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, ministr R.Meredow saparynyň dowamynda BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek gullugynyň başlygy Wladimir Woronkow, Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygy Ýan Borg, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňki Baş sekretary ilçi Helga Şmid, Çehiýanyň daşary işler ministri Ýan Lipawskiý, Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Marko Djuriç, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid bilen gepleşikleri geçirdi.

 

 

Taraplar gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşdylar. Gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň esasynda degişli resminamalara gol çekildi.