Harby gullukçylara harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda degişli Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Permanda bellenilişi ýaly, resminama harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetde kanunylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda kabul edildi.