Primorskiý sebitiniň ýene dört obasy Türkmenistandan ynsanperwer kömegini alar
Suw joşmasyndan ejir çeken Primorskiniň ýaşaýjylary üçin Türkmenistandan ynsanperwer kömek ýükleriniň bir bölegi Oktýabrskiý okrugynyň obalarynyň arasynda paýlandy. Golaýda sebitiň Horol okrugynyň ýaşaýjylary Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegini aldylar.
Türkmenistandan ýörite uçar bilen iberilen egin-eşik, ýorgan-düşek we iýmit önümleri Siwakowka, Petrowiçi, Luçki we Nowodewitsa obalarynyň ýaşaýjylaryna ýetirilipdi. Ondan öň şuňa meňzeş önümler “Staroreçenskoýe”, “Strugowka”, “Sinelnikowo-2” we “Fadeýewka”, “Poreçi”, “Konstantinowka” we “Nowogeogriewka” ýerlerine eltilipdi.
Häzirki wagtda tebigy betbagtçylygyň netijeleriniň yzyny dikeltmek işleri dowam edýär, maglumatlara görä: 1479 öý gurady, dürli usullar bilen 1357 jaýlaryň ýerzeminlerinden suwlar çykaryldy. Şeýle-de bolsa, sentýabryň ilkinji günlerinde suw basan jaýlaryň sanynyň 159-dan 690-a ýetendigi belli boldy.
Russiýanyň ähli sebitlerinden, şeýle hem Türkmenistan ýaly dürli döwletlerden Primorskiý sebitine ynsanperwer kömegi yzygiderli ugradylýar.