Astrahanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi-sazly agşam geçirildi
W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi-sazly agşam geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň attaşesi Enegül Kakajanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara bölüminiň başlygy Arslan Çaryýew, «Türkmenistan» atly türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Fauziýa Kadyrowa hem-de ADU-nyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Edebi-sazly agşamyň maksatnamasyndan rus we türkmen medeniýetlerini görkezýän döredijilik çykyşlary orun aldy. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan türkmen we rus dillerinde çeper okaýyşlar, türkmen aýdymlary we tanslary ýerine ýetirildi, şeýle hem türkmen milli saz gurallarynda mukamlar çalyndy. ADU-nyň talyplar tarapyndan taýýarlanylan ýörite çykyşlar tomaşaçylara ýetirildi.