Aşgabat we Pariž şäherlerini ýakyn wagtda uçar gatnawlary baglanyşdyrar
Türkmenistanda ýakyn aýlarda Aşgabat we Pariž şäherleriniň arasynda ýolagçy uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek boýunça tehniki işler alnyp barylýar. Bu barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryny orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen işewürlik duşuşygynda mälim etdi.
2013 – 2018-nji ýyllarda hereket eden Aşgabat – Pariž ýolagçy uçar ugry iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm arabaglanyşyklaryň biridi. Türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şu ýylda satyn alnan Airbus A330-200P2F kysymly ýük uçarlarynyň milli awiakompaniýanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrandygy bellendi.
“Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkemenistan öz milli emeli hemrasyny älem giňişligine çykardy. Bu emeli hemra Türkmenistany we beýleki ýurtlary ýokary tizlikli aragatnaşyk bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
“Airbus DS GEO SA” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijesinde Türkmenistana ýer ýüzüniň suratlaryny almaga we bu toplanan materiallary oba hojalyk, ekologiýa, şähergurluşyk we beýleki pudaklarda ulanmaga şert döretdi.