Türkmenistan OTIF guramasynyň Bernde geçirilen Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy
«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri OTIF — Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň Baş assambleýasynyň 16-njy sessiýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşdylar.
Ol 2024-nji ýylyň 25-26-njy sentýabry aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Bern şäherinde geçirildi.
Bu forumyň maksady — halkara ulag geçelgeleri arkaly eksport, import we üstaşyr ýük dolanyşygyny işjeňleşdirmekdir.
Duşuşygyň dowamynda gozgalan esasy meseleleriň biri Ýewropa bilen Aziýa sebitini birleşdirýän halkara ulag geçelgeleriniň işini işjeňleşdirmek, ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak we demir ýol pudagynda bar bolan halkara hukugynyň kadalaryny seljermek bilen, olaryň şertlerini ýeňilleşdirmekdir.
Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň üsti bilen eksport, import we üstaşyr geçýän ýük dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, birnäçe gepleşikler geçirildi.
Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň (OTIF) Baş sekretary Wolfgang Küpper Ýewropa bilen Aziýa sebitiniň arasyndaky daşalýan ýükleriň howpsuz we tiz wagtda eltmegini üpjün etmek üçin Orta halkara ulag geçelgesiniň wajyp orun eýeleýändigini we Türkmenbaşy halkara portunyň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdygyny belläp geçdi. Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän Halkara multimodal ulag geçelgeleriniň möhüm orna eýedigini göz öňünde tutup, uzak möhletli strategiýa düzüp geljekde Ýewropa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gatnadylýan ýükleriň esasy bölegini Türkmenistandan üstaşyr geçirmek üçin uzakmöhletleýin strategiýany döretmek barada maksadyny beýan etdi. Wolfgang Küpper Türkmenistanyň ulag pudagynda geçiriljek çärälere gatnaşmaga isleg bildirýändigini hem nygtap geçdi.