Laos döwleti Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna goşuldy

Laos Halk-Demokratik Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň iýulynda döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna goşuldy.

Laos döwleti deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlaryň hataryna girýär. Şu sebäpden bu ýurt üçin ösen awtoulag, demir ýol, we awiasiýa ýollarynyň bolmagy zerurdyr. Soňky ýyllarda Laos ösen ulag aragatnaşygyny ýol goýmak üçin goňşy döwletleri Hytaý, Wýetnam we Tailand bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň nobatdaky 3-nji duşuşygy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda wideomaslahat esasynda geçirilipdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag üçin dostlar topary (GFST) 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 90-dan gowrak wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan döredildi. Bu topar, BMG-a agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulagyň ähmiýetine düşünmekligi we dünýä, sebit we milli derejede bu ugurda pikirleri we öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär.