Türkmen wekiliýeti Ženewada Adam hukuklary boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy
2-nji oktýabrda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde Adam hukuklary boýunça geňeşiň 57-nji mejlisiniň çäginde «Adam hukuklary we ösüşe bolan hukuk» atly ugurdaş çäräni gurady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hemişelik wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we adam hukuklary boýunça hünärmenler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew öz çykyşynda adam hukuklarynyň esasy hökmünde ösüşe bolan hukugyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.