Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesiniň baýram edilmegi mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin. Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ysnyşykly gatnaşyklar has-da berkesin we gülläp össün!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tamim bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň Emiri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu taryhy ähmiýetli sene türkmen halkynyň güýç-kuwwatynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halky 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal umumy maksadyň töwereginde berk jebisleşdi, Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny gazandy. Şol döwürden bäri Türkmenistan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Gruziýa dostlukly gatnaşyklara we ysnyşykly hyzmatdaşlyga sarpa goýýar. Şol hyzmatdaşlyk Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar bilen berkidildi. Halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygymy tassyklaýaryn hem-de ýurduňyza hyzmat etmek ýaly asylly işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Salome ZURABIŞWILI,

Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mongol halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna mähirli gutlaglarymy ibermek isleýärin. Mongoliýa Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary giňeldýär we ösdürýär hem-de halkara, sebit derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezident, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň günsaýyn rowaçlanýandygyny hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň gülläp ösmegine uly goşant goşýandygyny nygtamak meniň üçin ýakymlydyr.

Siziň çakylygyňyz boýunça ajaýyp ýurduňyza, Merkezi Aziýanyň ak mermerli şäherine baryp görmäge, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga we onuň ugurlaryny kesgitlemäge hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy sahypasyny açmaga şat bolaryn.

Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Uhnaagiýn HURELSUH,

Mongoliýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär. Ýurduňyza hem-de halkyňyza okgunly ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

ABDULLA II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Horwatiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, halkyňyza ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollamak meniň üçin örän ýakymlydyr.

Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynanýaryn. Ykdysady hyzmatdaşlygymyzy hem pugtalandyrmak zerur bolup durýar.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Zoran MILANOWIÇ,

Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gresiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy hem-de Türkmenistanyň halkyna ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Katerina SAKELLAROPULU,

Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Finlýandiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza hem-de halkyňyza rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Aleksandr STUBB,

Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr.

Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygy diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşdylar. Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine iki ýurduň arasyndaky ykdysady, söwda, energetika, syýahatçylyk, sport ulgamlaryndaky köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täze sepgitlere çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Maha WAJIRALONGKORN,

Tailandyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly doganym, jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli Nikaragua Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size, Siziň Hökümetiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Bu taryhy we şanly senede parahatçylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan edip, halklarymyzyň we Hökümetlerimiziň arasynda ýola goýlan dostluk, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Hormatlamak bilen,

Daniel Ortega SAAWEDRA,

Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Mýanma Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlamaga, bagtyýarlyk, rowaçlyk, parahatçylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygymyza ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana we onuň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

General Min Aun HLAÝNG,

Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Şanly waka — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Kipr Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan mähirli gutlaglarymy beýan etmek isleýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygymyzyň üstünliklere beslenendigini bellemek, Hökümetimiziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklamak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ikitaraplaýyn resminamalaryň kabul edilmeginiň hem-de özara saparlaryň amala aşyrylmagynyň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga berk esas bolup hyzmat etjekdigine, onuň ýurtlarymyz we halklarymyz üçin bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy, şeýle hem Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nikos HRISTODULIDIS,

Kipr Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Özbegistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryňyz hem-de hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek mende kanagatlanma döredýär. Soňky ýyllarda Özbegistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, beýleki ulgamlarda gazananlaryna, ählumumy we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerine gyzyklanma bildirýändigiňiz meniň üçin örän gymmatlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň umumy abadançylygynyň bähbidine yzygiderli we netijeli ösdüriljekdigi şübhesizdir. Biziň ýurtlarymyz gadymdan bäri dost-doganlardyr.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.