Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär
Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz bu pudakda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, deňiz we demir ýollary hem-de awiadaşamalar boýunça infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak işine fransuz maýadarlaryna we bilermenlerini gatnaşmaga çagyrýarys diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen bolan işewürlik duşuşygynda mälim etdi.
Dürli ugurlarda, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagynda Türkmenistanyň fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda “Bureau Veritas Marine & Offshore SAS” baha beriş jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasyny açmak meseleleri öwrenilip, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda guruljak gämileri sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garalýar. Bu milli deňiz we derýa flotunyň howpsuzlygyny kepillendirip, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we gämigurluşyk işini giňeltmäge ýardam berer.
Işewürlik duşuşygynyň barşynda energetika pudagynyň enjamlaryny we tehnologiýalaryny dünýäde iň esasy we iri öndürijileriň biri bolan “Alstom” kompaniýasynyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine üns çekildi. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol şahasyny gurmak işine gatnaşan Türkmenistanyň ir wagtdan bäri ýakyn hyzmatdaşy “Bombardier” kompaniýasynyň mirasdüşeri hökmünde “Alstom” kompaniýasy bilen hünärmenleri kämilleşdirmek, aragatnaşyk ulgamlaryny merkezleşdirmek we dessin habar bermek pudagynda özara gatnaşyklary dowam etmek meselelerine seredildi. Häzirki wagtda bu ulag geçirijisi Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda möhüm geçelgeleriň biridir.
Türkmen tarapy demir ýol pudagynda “Geismar” we “Cifal” kompaniýalary bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny gyzyklanma bildirdi. Bu kompaniýalar demir ýol pudagy üçin enjamlary öndürmäge we hyzmat etmäge ýöriteleşendir.
Awiasiýa pudagynda netijeli gatnaşyklar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan satyn alnan 2 sany “Airbus” kysymly ýük uçarlarynyň yklymara ýük daşalyşynda işjeň ulanylýandygy, Aşgabat we Pariž şäherleriniň arasynda ýolagçy uçar gatnawlaryny gýtadan dikeltmek babatda işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
“Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkemenistan öz milli emeli hemrasyny älem giňişligine çykarandygy bellärliklidir. “Airbus DS GEO SA” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijesinde Türkmenistana Ýeriň üstki gatlagynyň suratlaryny almaga we bu toplanan materiallary oba hojalyk, ekologiýa, şähergurluşyk we beýleki pudaklarda ulanmaga şert döretdi.
“Geismar”, “Bureau Veritas Marine & Offshore SAS”, “Airbus S.A.S”, “Thales” ýaly fransuz kompaniýalarynyň Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: arabaglanyşyk we ösüş – 2023” maslahatyna gatnaşmaklary fransuz tarapynyň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny mälim edýär.
“Biz türkmen-fransuz işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny ynam bilen aýdýarys. Biz fransuz işewürlerini Türkmenistanda bar bolan amatly maýa goýum we söwda şertlerinden peýdalanmaga, şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmäge çagyrýarys” diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekili Pariž şäherinde geçirilen türkmen-fransuz işewürlik duşuşygynda mälim etdi.