Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,

 

Türkmenistanyň Prezidenti

 

jenap Serdar Berdimuhamedowa

 

Siziň Alyhezretiňiz!

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna Tailand Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy, hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.

 

Biziň ýurtlarymyz 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri dostlukly gatnaşyklary saklaýarlar. Iki ýurduň we halkyň bähbitlerine gönükdirilen ähli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde işleşmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

 

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

 

Phethongthan Çinawat,

 

Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri.