Türkmenbaşy Halkara deňiz porty däneli ekinleri üstaşyr geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dürli görnüşli harytlary üstaşyr geçirmek üçin döwrebap we möhüm ulag-logistika merkezidir. Daşary döwletlerden, hususan-da, Russiýa Federasiýasyndan däneli ekinleri import edip, üstaşyr geçirmek portuň esasy işleriniň biridir.
Russiýanyň Astrahan sebitinden getirilýän däneli ekinler portuň iki sany - umumy we ürgün ýük terminallary arkaly kabul edilip, gerekli ýerlere ugradylýar. Portuň amatly döwrebap mümkinçilikleri kabul edilýän däneli ekinleri tiz düşürip, ýüklemäge we ýerleşdirmäge şertleri döredýär. Ürgün ýük terminalynda däneli ekinler ýörite silos enjamlarynda arassalanyp ugradylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, umumy kuwwaty 35 000 m3 bolan 14 sany häzirki zaman däne siloslary bolup, olar däne önümlerini çyglylykdan gorap, önümiň ygtybarly iberilmegi üçin ähli amatly şertleri döredýär.
Awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen “Bezostaýa 100” we “Alekseiç” ýaly görnüşlerine degişlidir.
Häzirki wagtda, importdan başga, däne önümleriniň Russiýa Federasiýasynyň günorta sebitlerinden Pars aýlagyndaky ýurtlaryna we beýleki sebitlere ýükleriň üstaşyr daşalmagy boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Bugdaý önümleri daşalyşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasynyň mümkinçilikleri, şeýle hem, milli söwda flotumyzyň “Magtymguly”, “Türkmenistan” we “Balkan” gury ýük gämileri uly ähmiýete eýedir.