Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýulynyň paýtagtymyzda gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.
Özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän meşhur gazak şahyrynyň heýkeliniň Aşgabat şäheriniň Astana köçesiniň ugrunda bina edilmegi iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklarynyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Bu wakanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýul aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginyň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Gündogaryň beýik akyldarynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezdi.