«Türkmenistan» awiakompaniýasy satyn alnan petekleri onlaýn görnüşinde yzyna gaýtarmagyň tertibi barada habar berdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy saýtynda satyn alnan awiapetekleri yzyna gaýtarmagyň tertibini öz resmi saýtynda ýerleşdirdi. Resminama laýyklykda, elde ýazylan arzanyň nusgasyny info@turkmenistanairlines.tm. email-salgysy boýunça iberip, awiapetekleri onlaýn görnüşde gaýtaryp bolýar.

Arzanyň nusgasyny internet salgy boýunça ýükläp bolýar.

Şeýle hem awiakompaniýanyň talap eden halatynda, serişdeleri gaýtarmak üçin bank kartynyň rekwizitleriniň gerek bolmagy mümkin.

Pul serişdeleri satyn alyjynyň kartyna gaýtarym tassyklanandan soňra 20 iş gününiň dowamynda gaýtarylyp berilýär.

Petek yzyna gaýtarylanda şu tutumlar alynýar:

 ýolagçynyň ýerli gatnawa gelmändigi üçin arassa ýolagçy bahasynyň 25%;

uçuşa çenli 24 sagatdan az we 3 sagatdan köp wagtda petek yzyna gaýtarylsa, arassa ýolagçy bahasynyň 10%;

petek uçuşa çenli 3 sagatdan az wagtda tabşyrylsa, arassa ýolagçy bahasynyň 25%.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993(12)39-17-78 / 39-17-47 / 39-17-70, ýa-da info@turkmenistanairlines.tm email salgysy.

Bellik: diňe turkmenistanairlines.tm saýtynyň üsti bilen satyn alnan petekler onlaýn görnüşinde gaýtarmaga degişlidir. Awiakassalarda ýa-da beýleki saýtlarda satyn alnan petekler ýokarda görkezilen usul bilen gaýtarmaga degişli däldir.