Polşada «howada hereket edýän» otlyny synag etdiler
Polşanyň «Nevomo» startapy otlulara demir ýola galtaşmazdan ýokary tizlik bilen hereket etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp taýýarlady. Dünýäde ilkinji «MagRail» otlusy üçin synag meýdançasy bolup Nowo-Sažinadaky 720 metrlik demir ýoly hyzmat etdi.
Hünärenleriň aýtmagyna görä, şeýle otlular sagatda 550 km çenli tizlik bilen hereket edip bilerler.
Lewitasiýa konsepsiýasy «MagRail» tehnologiýasyny häzirki wagtda Ýaponiýada we Günorta Koreýada häzirki wagtda ulanylýan hem-de magnit ýassygynda hereket edýän ýokary tizlikli otlulara meňzeş edýär. Ýöne bellemeli zat: «MagRail» otlulary eýýäm bar bolan demir ýol infrastrukturasyny ulanyp bilýärler, bu bolsa maliýe nukdaýnazaryndan örän möhümdir.
«Nevomo-nyň» barlag işleri we işläp taýýarlanmalary 3 ýarym ýyl dowam etdi hem-de Ýewropadaky iň uzyn synag demir ýolunda köpçülige tanyşdyryldy.
Synagyň dowamynda «MagRail» otlusy sagatda 135 km tizlik görkezdi. 6 metr uzynlygyndaky agramy 2 tonna bolan ulag serişdesi sagatda 70 km tizlige ýetende howa galdy we bary-ýogy 11 sekundyň içinde sagatda 100 km tizlige ýetdi.
Bu täze görnüşli otlular üçin demir ýollary biraz üýtgetmek gerek bolar. Ýöne bu infrastrukturany täzeden döretmekden arzan düşer. Adaty otlular, şeýle hem magnit ýassygynda hereket edýän ulag serişdeleri şol bir demir ýoly ulanyp bilerler.
«Nevomo» kompaniýasy «MagRail» tehnologiýasyny synag etmegi dowam etdirer. Baş maksat – 2024-nji ýylda «MagRail-yň» ilkinji nusgasyny ýük daşamalary üçin işe girizmezden ozal onuň netijeliligini ýokarlandyrmak.