“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde koreýaly kärdeşler bilen gämigurluşyk hyzmtdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýrtyn üns çekdiler.
Şol sanda, gürrüň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyklaryny taslamak barada boldy. “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri türkmen gämigurluşyk zawodynda bar bolan döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.
Koreý tarapy hyzmatdaşlygyň uly geljegine ynam bildirdiler we ýerli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny we gämigurluşygyndaky döwrebap tenologiýalary bellediler.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde bellenişi ýaly, bu duşuşyk gämigurluşyk we deňiz senagaty pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny möhüm ädimdir.
KOMEO – bu deňiz enjamlaryny öndürýän 286 sany koreý kärhanasyny özünde jemleýän assosiasiýadyr. Ol öz agzalaryna gämileri gurmak we taslamak, munuň üçn zerur enjamlary eltmek we bu ugry ösdürmek boýunça döwrebap çözgütleri hödürlemek ýaly hyzmatlary hödürleýär.
“Koryo Shipbuilding” kompaniýasy dürli görnüşli we ölçegli gämileri taslamak, gurmak we abatlamak boýunça iş alyp barýar. Ol ýurduň Pusan şäherinde ýerleşip, onuň iki şäherde kärhanasy bar.