Astrahanda türkmen wekiliýeti Olýa-Türkmenbaşy parom ugrunyň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna işewürlik saparynyň dowamynda logistika, ulag, söwda we gämi gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň geçiriljek ýeri general admiral F.M. Apraksina adyndaky Hazar deňiz-derýa we ulag instituty tarapyndan üpjün edildi (HDDUI). Astrahan tarapyndan sebitleýin senagat we tebigy serişdeler ministrligi duşuşygyň guramaçysy boldy.
Iş maslahatynyň gün tertibinde Astrahan oblastyndaky aýratyn ykdysady zolagyň çäklerinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak, Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli awtoparom gatnawlaryny açmak, onuň hereket etmegi üçin ýörite ýük binýadyny döretmek hem-de gämi gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler boldy.
Türkmenistanyň wekilýetine “Türkmen deňiz we derýa ýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow ýolbaşçylyk etdi, Astrahan oblastynyň hökümetiniň tarapyndan senagat we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary Mihail Kabakow çykyş etdi. Çärä “Lotos” AYZ” PJ-niň baş direktory Sergeý Miluşkin hem-de beýleki jogapkär adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň Astrahandaky baş konsuly Güýç Garaýew we HDDUI-niň direktory Olga Kartaşowa gatnaşdylar.
Bu ýokary okuw mekdebi diňe bir Russiýada däl eýsem, Türkmenistanda-da suw ulaglarynyň ähli ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyrýar. Iş maslahaty suw ulag pudagynyň geljekki hünärmenlerini taýýarlamak boýunça işleriň ähmiýetini hem-de wajypdygyny görkezdi.
Iş maslahatyndan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary Hazarda flot biliminiň öňdebaryjysy bolan institutyň okuw hem-de türgenleşik geçilýän binýadyny synladylar.