Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary taksini indi onlaýn çagyryp bilerler

"Awtoulag kärhanalar birleşigi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda onlaýn taksi çagyrmak hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Taksini "0656" gysga belgä jaň edip ýa-da "Ynamly taksi" mobil goşundysy arkaly sargyt edip bolýar.

Häzirki wagtda mobil goşundysyny diňe "Google Play" arkaly ýükläp alyp bolýar. Şeýle-de, ýakyn wagtda onuň "App Store"-da hem peýda boljakdygy hem aýdylýar.

"Awtoulag kärhanalar birleşiginiň" bellemegine görä, goşundy smartfona gurnalandan soň, taksi sargyt etmek üçin barmaly ýeriň salgysyny girizmek ýa-da ony kartada saýlamak ýeterlikdir. Goşundy GPS-iň kömegi bilen ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitleýär we ýolagçy boljak adamyň maglumatlary barada sürüjä habar berýär.

Sargydyň tassyklanmagy we awtoulagyň gelmegi barada ýolagça SMS habarnamalary iberilýär. Saýlanan nyrhnama we ýoluň uzaklygyna baglylykda, geçilen ýoluň bahasy çykarylýar. Ýoluň takmynan bahasy mobil goşundyda görkezilýär.

Taksi barmaly ýerine gelensoň ýoluň gutarnykly bahasy ýolagçynyň telefonyna habarnama arkaly iberilýär. Mundan başga hem ykjam goşundyda gatnawlaryňyzyň taryhyny görüp bilersiňiz. Goşundynyň goşmaça aýratynlygy hökmünde bolsa "Halaýan ýerlerim" funksiýasynyň girizilendigini görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizip bilersiňiz.

Häzirki wagtda sargyt üçin diňe nagt töläp bilersiňiz, ýöne ýakyn wagtda sürüjiniň terminaly arkaly bank karty bilen tölegleri, şeýle hem onlaýn tölegleri girizmek meýilleşdirilýär.

Has giňişleýin maglumat almak üçin aşakdaky belgilere jaň edip bilersiňiz:

+993 12 443343; +993 12 443363