Türkmenabatda Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi
Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň arasynda ýangyn-amaly sportunyň derejesini ösdürmek hem-de şahsy düzümiň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen bäsleşik geçirildi
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, bäsleşige Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň polisiýa müdirlikleriniň Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärlerinden düzülen, her biri 5 adamdan ybarat bolan toparlar gatnaşdylar.
Ýaryşyň jemi boýunça Mary welaýatyndan gelen ýangyn söndürijiler topary 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardy.
Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň toparlary hem degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde konsert guraldy diýip, çeşmede bellenilýär.