"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi
Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. "Akylly" syýahatçylygyň üstünlikli tejribesini öwrenmegiň we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy.
"Tegelek stol" maslahatynyň barşynda türkmen tarapy gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideoşekiller görkezildi.