Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, çärä Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Institutyň eýwanynda guralan sergide Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň nusgalary ýerleşdirilen diwarlyklar görkezildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynyň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderine akyldar şahyryň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.
Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Onuň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Özbegistanda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi hem-de türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi hem nygtalmaga mynasypdyr. Şunuň bilen bir hatarda, çykyşlarda beýik türkmen şahyrynyň Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim alandygy, häzirki wagtda bolsa onuň adynyň dostlukly ýurduň paýtagtynyň we welaýatlarynyň köçelerine, seýilgählerine dakylandygy, Daşkentde, Hywada ýadygärlikleriniň oturdylandygy aýdyldy.
Tanyşdyrylyş dabarasy asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşan doganlyk halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň mysaly boldy diýip, çeşme belleýär.