Döwlet gümrük gullugy hususy taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Mary welaýat gümrükhanasynda geçirilen okuw-maslahatynda hususy taraplar bilen eksport-import gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň usullary maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi. Bu ugurda, gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde göz öňünde tutulan ýeňillikli şertler barada mysaly düşündirişler getirildi.
Okuw-maslahatynyň barşynda, Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmagyň halkara söwdany ösdürmekdäki ähmiýetini beýan edýän wideoýazgylara syn edildi.