Merkezi Aziýanyň ulag ministrlikleriniň ýolbaşçylary möhüm ylalaşygyň taslamasyny makullarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji mejlsine gatnaşar.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynda kabul ediljek möhüm iri ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. Kabul ediljek ylalaşygyň düzüminde şular bar:
— guryýer ulag serişdeleri arkaly halkara daşamalary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek;
— Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek;
— Täze halkara ulag, şol sanda multimodal geçelgelerini emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;
— Guryýer arkaly halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek;
— Döwrebap ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmek;
— Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we işe girizmek; şol sanda ýük daşalyş işini sanlylaşdyrmak;
— Ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň ulanylyşyny ösürmek we giňeltmek.

Şeýle hem, 5 ýurduň ulag ýolbaşçylary bilelikdäki Jarnamany kabul edip, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirerler.